Duryzehin okuw toplumynyň maksady sagdyn jemgyýetiň özeni bolan maşgala gymmatlyklaryna sarpa goýýan şahsyýetleri kemala getirmek, iş ahlagynyň esasy bolan halypa-şägirtlik däplerine eýerýän, ähli pudaklarda ýurdumyzyň ösüşine itergi berjek ussat hünärmenleriň taýýarlanmagyna goşant goşmak, milli medeniýetimiziň dinamizmini halkara medeniýetler bilen sazlaşykly özleşdiren parahatçylyk ilçilerini ýetişdirmek...
Ýörelgämiz – ädimme ädim...
Duryzehin okuw toplumy diňleýjileriniň ünsüni bilim bilen birlikde döredijilik sungatlaryna hem çekmek bilen gyzykly ýaşamagy öwredýär.
Iňlis we rus dillerini kämil derejede öwrenmek isleýänler üçin tapylgysyz hazyna bolan daşary ýurt dilleri kafedramyz häzirki zaman usullarda “gepleşmek ukybyny” esas edinýän okuw programmasy bilen beýlekilerden tapawutlanýar.
Bu döwürde diploma däl-de hünäre seredilýär. Dürli kompýuter programmalaryny özleşdiren diňleýjilerimiz üçin olaryň gazanan hünäri gazanç çeşmesine öwrüldi. Interýer we eksterýer dizaýny, modelirlemek, mahabat dizaýnlary, wideo montaž bulardan diňe käbirleri...
Ähli ylymlaryň gözbaşy hasaplanýan matematika durmuşda islendik ýerde gabat gelýär. Matematikany gyzykly we durmuşda ulanylýan taraplary bilen öwretmek Duryzehini beýlekilerden tapawutlandyrýar.
Suratkeşlik sungatyna düşünýänler durmuşda haýsydyr bir zady söz bilen düşündirmegi isrip saýyp, tomlarça kitabyň beýan etmek islän maksadyny birje kagyzyň ýüzüne dürli reňkler arkaly sygdyrmagy başararlar.
Owadan we göze gelimli egin-eşikleri halamaýan ýokdyr. Olaryň eskizini çyzmakdan başlap, biçmek we tikmek sungatyny öz içine alýan dizaýner-modelýerlik okuwymyzyň diňleýjileri biziň dünýämizi gözelleşdirýärler.
Jemgyýetde özüňi dogry alyp barmak, dürs gürlemek, birdenkä mikrofon uzadylanda aljyraman öz pikirleriňi doly we dogry beýan etmek, dünýä we milli tanslary öwrenmek bilen durmuşda owadan we ýerlikli hereket etmek, häzirki zaman kärlerinden bolan bloggerligi mynasyp alyp barmak aktýorlyk sungaty okuwymyzyň diňleýjileriniň çep elinden gelýär.
Duryzehinde tomusky dynç alyş okuw möwsümi mekdep okuwçylarynyň tomus kanikulynda ertirden agşama çenli höwes bilen gatnaşýan däbine öwrüldi. Duryzehin Summer Camp her ýyl üýtgeýän gyzykly programmasy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem ony gaýtalamak mümkin däl. Ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalaryň döreýän ýeri...
Ömür ýoluny bilim işi bilen badaşdyran tejribeli komandamyz çagalarymyzyň aýdyň geljegi üçin irginsiz, tutanýerli zähmet çekýär. Komandamyz halkara giň dünýagaraýşy, maksat edinen beýik sepgitleri, gyzykly bilim strategiýasy hem-de bilim we döredijilik sungatlaryny bilelikde alyp barmak bilen beýlekilerden tapawutlanýar. Biziň durmuş ýörelgämiz: “Şeýle bir özger welin, seni öňden tanaýanlar täzeden tanyşmaly bolsunlar!”
Islendik temada biz bilen habarlaşyň. Professional komandamyz Siziň bilen gysga wagtda aragatnaşyga geçer. Siziň aladalaryňyz, biziň aladalarymyz. Söýenişen ýykylmaz. Bir-biregi goldalyň!